“Galkynyş” gaz käninde goşmaça gaz guýulary gazylar

  • 07.09.2024 16:46
  • 7.8k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar  Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......