Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýär

  • 07.09.2024 16:43
  • 7.8k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi.

Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Mejlise taýýarlyk işleri Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli forumyň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, dürli çäreler guralýar, gazet-žurnallaryň sahypalarynda şu mowzuk boýunça makalalar çap edilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Garaşsyzlygyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy Kamboja Patyşalygynyň, Mawrikiý Respublikasynyň, Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigini habar berdi. Mejlisiň deputatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş döwlet düzümleri bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşdylar.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......