Türkmenistan we Ýaponiýa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparlaryň mejlisine taýýarlanýar

  • 07.09.2024 01:09
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen toparynyň başlygy Hiroýuki Subai bilen duşuşdy.

Diplomatik wekilhananyň metbugat gullugynda habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda 9-njy awgustda Astanada geçirilen "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" işewürler forumynyň netijeleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon toparynyň 15-nji mejlisine taýýarlygy maslahatlaşdylar.
Taraplar özara ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn geljegini belläp geçdiler.


Şeýle hem şu hepdede ilçi A.Baýramow Ýaponiýa-Türki döwletler toparynyň wekili Tugrul Matsumoto bilen duşuşygy geçirildi. 
Duşuşykda ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk, şol sanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Ýaponiýada medeni çäreleri geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar agzalan mümkinçilikleri kanagatlanma bilen belläp, ol ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdylar.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......