NASA ýaşaýyş şertlerini gözlemek üçin oktýabrda Ýupiteriň hemrasyna zond iberer

  • 07.09.2024 00:15
  • 3.6k+

NASA Ýupiteriň buzly hemrasy Ýewropanyň ýaşaýyş üçin potensialyny öwrenmek maksady bilen oňa Europa Clipper kosmos zonduny uçurmaga taýýarlanýar. Uçuş 10-njy oktýabrda SpaceX kompaniýasynyň Falcon Heavy raketasyny ulanmak arkaly meýilleşdirilýär diýip, kosmos agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Europa Clipper Ýewropanyň üstüni we onuň içki gurluşyny öwrenmek üçin dokuz sany ylmy gural bilen enjamlaşdyrylar. Zond hemranyň buz gabygyny, onuň aşagyndaky ummany, şeýle-de Ýewropanyň geologiýasyny we grawitasiýa meýdanyny öwrener.
Alymlar Ýewropanyň buz üstüniň aşagynda möçberi boýunça Ýerdäki ähli ummanlardan uly ummanyň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Onda ýaşaýşy goldamaga ukyply şertler hem bolup biler.
Europa Clipper missiýasy Ýerden daşary ýaşaýşy öwrenmekde möhüm pursat hasaplanýar. Ol alymlara Gün ulgamyndaky beýleki planetalarda we hemralarda ýaşaýşyň nähili döräp biljekdigine has gowy düşünmäge kömek eder.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......