Maglumat galplygyndan soň Toyota modelleriniň bazara gaýdyp gelmegi tupan sebäpli gijikdirilýär

  • 07.09.2024 00:11
  • 13k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy şu hepdäniň başyna meýilleşdirilen üç awtomobil modeliniň önümçiliginiň gaýtadan dikeldilmeginiň gijikdirilýändigini habar berdi. Bu Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryna inip, iki zawodyň işine zyýan ýetiren tupan bilen baglanyşyklydyr diýip, NHK ýazýar.

Öň, modelleriň önümçiligi döwlet şahadatnamasyny almak üçin synag maglumatlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly dawa sebäpli iýun aýynda togtadyldy. Netijede, Corolla maşgalasyndan iki model we Yaris Cross modeli çäklendirmelere sezewar boldy.
Iýul aýynyň ahyrynda ulag edaralary üç modeliň hem döwlet howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelýändigini tassykladylar, bu hem Toyota kompaniýasyna önümçiligi gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Ýöne ýakymsyz howa şertleri kompaniýanyň meýilnamalaryny üýtgetmegine getirdi. Toyota awtomobil üpjünçiligine mümkin boldugyndan tiz wagtdan başlajakdygyny aýtdy, ýöne takyk sene heniz belli däl.
Awgust aýynda kompaniýa hasabat hödürläp, geljekde şeýle düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin içerki barlaglary we kanunlaryň berjaý edilmegini güýçlendirmäge wada berdi. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......