Wodorod bilen işleýän hytaý drony 100 km uçup, rekord goýdy

  • 06.09.2024 15:19
  • 6.2k+

Pekiniň awiasiýa we kosmonawtika uniwersitetiniň Hançžou innowasiýa institutynyň ýanyndaky Tianmushan Laboratory-nyň hünärmenleri dünýäde ilkinji köp rotorly wodorod bilen işleýän drony üstünlikli synagdan geçirdiler. Tianmushan No.1 drony 1,5 sagatda 100 km uçup geçmek bilen, howada 4 sagada çenli durmaga ukyplydyr.

Dronyň korpusy  uglerod süýüminden taýýarlanan bolup, bu onuň agramyny 19 kg-a çenli peseldýär, ýük göterijilik ukyby bolsa 6 kg-a ýetýär.
Tianmushan No.1 litiý batareýalaryndan 5-6 esse netijeli wodorod ýangyç elementlerini ulanýar. Dron adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin niýetlenen paraşýut ulgamy bilen hem enjamlaşdyryldy.
Dron pes temperatura çydamly, bu ony gazaply howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ony, esasanam, nebit we gaz gözleglerinde, elektrik liniýalaryny barlamakda we tebigy baýlyklara gözegçilik etmekde ulanyp bolar. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda dron Içerki Mongoliýada -40℃-da üstünlikli synag edildi we 22-nji awgustda bolsa Tibetde 4500 metrden gowrak belentlikde synag edildi.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......