Hytaý çip önümçiligine 25 milliard dollar goýup, maýa goýumlar boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy

  • 06.09.2024 12:03
  • 3.5k+

Hytaý 2024-nji ýylda çip öndürýän enjamlara rekord derejede 25 milliard dollar maýa goýup, beýleki ýurtlardan öňe geçdi. Tom's Hardware-iň  maglumatlaryna görä, ýylyň birinji ýarymynda hytaý kompaniýalary ýarymgeçirijiler pudagyna goýan umumy maýa goýumlary boýunça Günorta Koreýadan, Taýwandan we ABŞ-dan öňe geçdi.

Bu maýa goýumlar söwda çäklendirmeleriniň fonunda Hytaýyň daşary ýurt üpjün edijilerine garaşlylygy azaltmaga çalyşýandygy bilen şertlenýär. Seljerijiler enjam üçin umumy çykdajylarynyň ýylyň ahyryna çenli 50 milliard dollara ýetjekdigini çaklaýarlar.
Hytaý öňdebaryjy enjamlara elýeterlilik bilen bagly kynçylyklara garamazdan, 2024-2025-nji ýyllarda ondan gowrak täze fabrigi açmagy meýilleşdirýär. Maýa goýumlarynyň köpelmegi diňe bir SMIC we Hua Hong ýaly iri öndürijileri däl, eýsem kiçi kompaniýalary hem öz içine alýar.
Hünärmenler ýarymgeçirijiler pudagynyň oňyn geljegini goldajak çiplere, esasanam, ýat we emeli aň üçin çiplere bolan islegiň artmagyna garaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde Günorta-Gündogar Aziýa, Amerika we Ýewropa ýaly beýleki ýurtlar hem önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin çykdajylaryny köpeldýärler.


25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

16.06.2026 12:54
5.2k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......