Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

  • 06.09.2024 11:57
  • 3.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady.

"Biziň Watanymyz aýdym-saz sungatynyň dörän iň gadymy ojaklarynyň biridir. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyndaky we jahana ýaýramagyndaky orny, senetçilige, ussaçylyga, külalçylyga, zergärçilige, halyçylyga, binagärlige, seýisçilige, aýratyn-da, aýdym we saz sungatynyň kämilleşmegine goşan goşandy çäksizdir. Asyrlaryň dowamynda ussat bagşy-sazandalarymyzdyr ozanlarymyzyň zehini hem-de ylhamy bilen türkmen dutarynyň, gyjagynyň, gargy tüýdüginiň, gopuzynyň mylaýym owazyndan kalplary lerzana getirýän şirin mukamlardyr aýdymlar, bu gymmatly senediň dürli-dürli ugurlary hem-de mekdepleri döredilipdir. Garadäli Gökleň, Kel bagşy, Şükür bagşy, Weýran bagşy, Amangeldi Gönübek, Nobat bagşy, Sahy bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Gurt Ýakubow, Juma Wellekow ýaly türkmen saz sungatynyň ägirtleri şabram şelpeli, şirin nagmaly aýdym-sazlary arkaly parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, jebisligi ündäp, watansöýüji we ynsanperwer nesilleri terbiýeläpdirler" - diýip, Gutlagda bellenilýär.
"Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňizde eziz Watanymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, beýik döwrümiz, gözel tebigatymyz, milli ýörelgelerimiz joşgunly wasp edilýär, ýüreklerimize egsilmez şatlyk, joşgun paýlaýar, belent maksatlara tarap barýan ýolumyzda bizi mäkäm jebisleşdirýär. Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....