Arktikadan tapylan bakteriýalar täze antibiotikleri döretmäge mümkinçilik berer

  • 05.09.2024 14:39
  • 9.7k+

Ýewropaly alymlar Şpisbergen arhipelagynyň kenarynda ýaşaýan arktika bakteriýalarynda antibiotikleriň öň näbelli iki görnüşini tapdylar. Bu möhüm açyş barada Frontiers In Microbiology žurnalynda çap edilen makalada habar berildi.

Oňurgasyzlaryň içindäki aktinobakteriýalar bilen işleýän barlagçylar 2020-nji ýylda Demirgazyk buzly ummana ekspedisiýa wagtynda alnan ýüzlerçe näbelli birleşmeleri seljerip, bu molekulalary ýüze çykardylar.
Kocuria we Rhodococcus görnüşleri tarapyndan öndürilýän täze antibiotikler içgeçmä we beýleki içege ýokançlyklaryna sebäp bolýan, esasanam kiçi ýaşly çagalar üçin howply enteropatogen içege taýajyklary bilen göreşmekde ýokary netijeliligi görkezdi. Iki birleşme hem bakteriýalaryň ösüşini netijeli haýalladýar, olaryň enterositlere birikmegini bökdemek bilen, keseliň beterleşmeginiň öňüni alýar.  
Täze antibiotikleriň biri hasam netijeli hasaplanýar, sebäbi onuň wirusa garşy täsire garşy durnuklylygy ösdürip bilmäge mümkinçiligi az.
Barlagçylar öz açyşlaryny öwrenmegi dowam etdirýärler we bu täze antibiotikleriň içege ýokançlyklaryny bejermek üçin täsirli dermanlary döretmäge kömek etjekdigine ynanýarlar. Ýakyn geljekde has köp birleşme almak üçin ösdürip ýetişdirmeл şertlerini optimizirlemek meýilleşdirilýär.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....