Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirilýär

  • 04.09.2024 20:46
  • 7.6k+

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirýär. Bu barada bäsleşigiň Guramaçylyk topary habar berdi.

Bäsleşikde hödürlenjek ýumuşlar synplar boýunça tapawutlandyrylmaz, ýagny 11-nji we 12-nji synplar bilelikde bäsleşerler. Test ýumuşlary türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlener.
Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.
Saýlawjy tapgyra her mekdepden okuwçylaryň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli. Welaýat (şäher) tapgyry 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy  jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 18-nji sentýabrda 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler.
Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

Habarlaşmak üçin telefon:
+993-12-48-99-32;
+993 64 00 04 70

E-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......