"Imdatbot" merkezi 4-12 ýaşdaky çagalar üçin robototehnika boýunça mugt açyk sapak geçirýär

  • 04.09.2024 17:07
  • 99k+

"Imdatbot" robototehnika we programmirleme bilim merkezi 4-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin mugt açyk sapak geçirer. Açyk sapak 8-nji sentýabrda sagat 12:00-da geçiriler. Sapak 1,5 sagat dowam eder we rus hem-de türkmen dillerinde alnyp barlar. Sapagyň dowamynda çagalar ilkinji robotlaryny ýygnarlar, oňa programma ýazmagy we ony iş ýüzünde synap görmegi öwrenip bilerler.

"Imdatbot" bilim merkezi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarnamasyna we ISO:9001 sertifikatyna eýe bolup, bilim ulgamynda okuwlarynyň halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Merkeziň ähli mugallymlary Makeblock kompaniýasynyň sertifikasiýasyndan geçip, bilim bermegiň ýokary hilini we okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagyny kepillendirýär.

 

Merkez robot tehnikasy, programmirleme, 2D we 3D modelirleme boýunça gysga möhletli okuw kurslaryny hödürleýär. Okuwlar STEAM-bilimi usuly boýunça, taslama çemeleşmesi we oýun görnüşleri ulanylyp geçirilýär. Kursy tamamlan okuwçylara döwlet nusgasyndaky şahadatnamalar we Makeblock kompaniýasynyň şahadatnamalary berilýär.
Robot tehnikasy we programmirleme bilen tanyşmak üçin açyk sapaga geliň!
Тelefon:
141-171
Website: imdatbot.edu.tm
Salgy: Mir-3, Ýaşlar köçesi (Molodezhnaýa), 120 (Plant Mama-nyň ýanynda)


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......