Äpet Anemos ýelkenli ýük gämisi Atlantikanyň üsti bilen ilkinji gatnawyny amala aşyrýar

  • 03.09.2024 22:54
  • 10k+

Dünýäniň iň uly Anemos ýelkenli ýük gämisi Atlantik ummanynyň üsti bilen ilkinji syýahatyny amala aşyrýar diýip, New Scientist ýazýar.

Fransiýanyň Trans Oceanic Wind Transport (TOWT) kompaniýasy tarapyndan gurlan gämi 20-nji awgustda Gawra portundan çykyp, Nýu-Ýorka ugrady. Uzaklygy 6700 kilometrden gowrak ýoly ol 3-nji sentýabrda tamamlar.
Uzynlygy 80 metr we beýikligi 62 metr bolan Anemos agramy 1000 tonna ýüki  daşap bilýär. Gämi esasy energiýa çeşmesi hökmünde ýeli ulanyp, atmosfera kömürturşy gazynyň zyňylmagyny kemeltmegi maksat edinýär. Ýelkenleri  dolandyrýan  üýtgeşik ulgam dolandyryş prosesine adamyň gatnaşygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
TOWT floty ýylda 200 000 tonna çenli ýük daşaýan sekiz gämä çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.


18.05.2026 15:03
9.5k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

16.05.2026 13:25
5.5k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

16.04.2026 11:08
2.8k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

31.03.2026 13:58
3.6k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......