Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynda täze kapitany belledi

  • 03.09.2024 20:54
  • 10k+

Mýunheniň “Bawariýasynyň” ýarymgoragçysy Ýozua Kimmih Germaniýanyň milli futbol ýygyndysynyň täze kapitany boldy. Milli toparyň baş tälimçisi Ýulian Nagelsman öz çözgüdini duşenbe güni, 2-nji sentýabrda mälim etdi.

“Ýozua Ýewropa çempionatynda üç kapitanyň biri boldy, şonuň üçin onuň Ilkaý Gündoganyň ornuna birinji belgili dalaşgär bolmagy we galmagy ýerliklidir.

Ol tutuş topar üçin görelde, hemişe yhlasly işleýär, hemişe türgenleşmek isleýär, hatda käwagt aşa köp, hemişe öňe gidýär. Ýewroda ol sag goragçy ornunda oýnuň täze bir ülňüsini kesgitledi” – diýip, Eurosport Nagelsmanyň sözlerini getirýär.
29 ýaşly futbolçy kapitan daňysy bilen 7-nji sentýabrda Dýusseldorfda Milletler ligasynyň çäklerinde Wengriýanyň milli ýygyndysyna garşy oýnar.
Kimmihiň oruntutarlary Antonio Rýudiger we Kaý Hawers bolar, toparyň täze geňeşi bolsa Žonatan Tany, Paskal Grossy, Niklas Fýullkrugy we Mark-Andre ter Ştegeni hem öz içine alar.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......