Volkswagen Germaniýadaky zawodlaryny ýapmak barada pikirlenýär

  • 03.09.2024 19:14
  • 7.4k+

Germaniýanyň Volkswagen awtoöndürijisi GFR-de zawodlaryny ýapmak we 2030-njy ýyla çenli işgärleri azaltmazlyk wadasyndan ýüz öwürmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada kompaniýanyň önümçilik geňeşine salgylanyp, Financial Times ýazýar.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Şefer geçen ýyl işe girizilen çykdajylary azaltmak maksatnamasynyň bellenen maksatdan birnäçe milliard ýewro yza galýandygyny aýtdy. Netijede, Volkswagen ýitgilere sezewar bolýar diýip, geňeşiň başlygy Daniela Kawallo işgärlere iberen habarynda belledi.

“Şunuň bilen baglylykda geňeş Germaniýadaky zawodlary, VW-niň zähmet tölegi barada içerki umumy şertnamalaryny we 2029-njy ýylyň ahyryna çenli niýetlenen iş orunlaryny saklamak maksatnamasyny sorag astyna goýýar” – diýip, FT habary ýetirýär.

Germaniýanyň kanunyna laýyklykda, önümçilik geňeşleri iri kompaniýalaryň işgärleriniň bähbitlerini goramak we olaryň synçy geňeşleriniň işine gatnaşmak üçin saýlanýar.
Belläp geçsek, VW-de dünýä boýunça 650 000 töweregi adam işleýär, olardan tas 300 000 sanysy Germaniýadadyr. Volkswagen-iň adaty paýnamalary duşenbe güni söwdada 3,1%, aýratyn paýnamalary 2,2% gymmatlady.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......