Aşgabatdaky TIF-2024 maýa goýum forumyna 35 ýurtdan 350-den gowrak wekil gatnaşar

  • 03.09.2024 13:03
  • 5k+

Aşgabat 10-11-nji sentýabrda geçiriljek TIF-2024 Maýa goýum forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we SÖwda-senagat edarasynyň guramagynda geçiriljek foruma eýýäm 35 döwletden 350-den gowrak wekil hasaba alyndy diýip, Nebit-Gaz elektron neşiri habar berýär.

TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler. Wekiller energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyp bilerler.
Forum döwlet düzümleriniň wekilleri, iri işewürler we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly mümkinçiligi hödürlär.

Forumda çykyş etjekleriň hatarynda - Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko la Kamera we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktory Kabir Jurazoda bar.
TIF-2024 Türkmenistan üçin giň mümkinçilikleri, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmek, önümleriň we hyzmatlaryň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni öwrenmek babatda täze mümkinçilikleri açyp berýär.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......