«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitabyň I tomy çapdan çykdy

  • 03.09.2024 02:42
  • 4.3k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly neşiriň birinji tomy çapdan çykdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

3 dilde - türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär. Onda at we geografik görkezijileri hem-de gysgaldylyp alnan sözleriň sanawyny özünde jemleýän ylmy-maglumat goşundysy bar.
Birinji toma girizilen makalalardyr, habarlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasy barada gürrüň berýär hem-de ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar astynda alnyp barylýan syýasata laýyklykda raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak boýunça beýik işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.
Neşir talyplar, mugallymlar, alymlar we jemgyýetçilik-syýasy işgärler hem-de ýurdumyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ol ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik hem-de belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berip, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýär hem-de raýat jogapkärçiligi duýgusyny döredýär.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....