“Soňky möwsümim”: Salah "Liwerpuldaky" karýerasy barada aýtdy

  • 03.09.2024 02:36
  • 8.9k+

Old Trafford stadionynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Mançester Ýunaýted” bilen “Liwerpulyň” arasyndaky oýny geçirildi. Duşuşyk “Liwerpulyň” peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.

Toparyň ýeňiş gazanmagyna öz hasabyna bir gol we iki assist ýazan müsürli hüjümçi Mohamed Salah uly goşant goşdy. Oýundan soň Salah klubdaky soňky ýyly we şertnamany uzaltmak teklibiniň ýokdugy barada aýtdy.

“Bilşiňiz ýaly, bu meniň klubda soňky ýylym. Men diňe lezzet almak isleýärin we bu barada pikir etmek islemeýärin.
Klubda hiç kim meniň bilen şertnama barada heniz gürleşmedi, şonuň üçin men soňky möwsümimi oýnaýaryn, möwsümiň ahyrynda bolsa göreris. Häzirlikçe bu meniň “Liwerpul” üçin Old Traffordaky soňky oýnum” – diýip, Salah aýtdy.

Belläp geçsek, Salahyň “Liwerpul” bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Ol toparda 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär we onuň üçin 351 oýunda 213 gol geçirdi.


şu gün 13:51
952

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......