80 ýaşly öňki model “planka” maşky boýunça Ginnesiň täze rekordyny goýdy

  • 03.09.2024 02:29
  • 16k+

Öň model bolan 80 ýaşly aktrisa Enni Judis üç minutda “planka” maşkyny ýerine ýetiren iň garry aýal bolmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Guramanyň web sahypasy Judisiň bu netijäni gazanan iň garry aýal hökmünde ykrar edilendigini habar berdi.

Enni ýaşlygynda fotomodel we gözellik bäsleşiginiň şa zenany hökmünde tanalýardy. Ol kinoda Jenny Bell lakamy bilen çykyş edip, esasanam, Martin Skorsezanyň “Rehimsiz köçeler” filminde janlandyran keşbi bilen tanalýardy. Ol indi işjeň ýagdaýda fitnes bilen meşgullanýar we “plankany” adaty, yzygiderli türgenleşiginiň bir bölegi hasaplaýar.
Judis ýaşlygynda “plankany” ýedi minutlap saklap bilendigini, bu babatda hatda adamsyndanam üstün bolandygyny aýdýar. Täze rekordy ol 80 ýaş 244 günlükkä goýmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, täze rekord goýdy. Onuň iki çagasy we üç agtygy bar.
Aýal-gyzlaryň absolýut rekordynyň kanadaly 58 ýaşly Donna-Jinn Uaýlda degişlidigini bellemelidiris, ol “plankada” 4,5 sagatlap durupdy. Zenan köp ýyllar mekdep mugallymy bolup işledi we ýaňy-ýakynda pensiýa çykdy.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....