Ýaponiýa taryhda iň güýçli superkompýuter döreder - Fugaku Next

  • düýn 23:12
  • 1k+
Ýaponiýa taryhda iň güýçli superkompýuter döreder - Fugaku Next
Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministrligi (MEXT) “Fugaku” superkompýuteriniň mirasdüşerini döretmek meýilnamasyny yglan etdi diýip, Nikkei-e salgylanýan Hi-Tech habar berýär.
Fugaku Next diýlip atlandyrylan täze superkompýuter 50 ekzaflop we käbir ýagdaýlarda zettaflop derejesine ýetip biler.
Täze ulgam, Fizika we himiýa gözleg instituty (RIKEN) we Fujitsu kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüler.
Fugaku Next-i 2030-njy ýyla çenli satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.
Täze enjamda köp ýadroly Armv9 prosessorlary, HBM ýady we PCIe 6.0 we CXL 3.0 interfeýsleri ýaly ösen tehnologiýalar ulanylar.
Fugaku Next emeli aň, ylmy açyşlar we global meseleler boýunça gözleg geçirmek üçin güýçli gural bolar.

04.07.2024 14:26
4.4k+

Sekuntda 402 Tb. Ýaponiýada dünýäde iň tiz internet peýda boldy

Ýaponiýanyň Milli maglumat tehnologiýalary instituty täjirçilik optiki süýümli kabeller boýunça maglumaty 402 Tbit/s tizlikde geçirip, täze dünýä rekordyny goýdy diýip, Tom's Hardware neşiri ýazýar. Bu üstünlik...

28.05.2024 15:06
11k+

Ýaponiýada duzsuz iýmiti duzlaýan “akylly” çemçe oýlanyp tapyldy

Ýaponiýanyň Kirin kompaniýasy täze önüm - iýmitiň tagamynyň duzlulygyny emeli usulda artdyryp biljek elektrik çemçe hödürledi. Enjam gowşak elektrik togy bilen diliň tagam reseptorlarynda hereket edýär, bu adamy...

24.12.2023 14:17
4.3k+

Emeli aň adam beýnisiniň tolkunlary esasynda şekilleri döretdi

Ýapon alymlary adam beýnisiniň signallaryny gaýtadan işlemegiň esasynda şekil döredip bilýän tehnologiýany döretdiler. Bu generatiw emeli aňyň kömegi bilen mümkin boldy. Synagyň çäklerinde Milli kwant ylymlary...

03.10.2023 10:54
5.6k+

Ýaponiýada polisiýa maglumat gözlemek üçin emeli aň ulanyp başlady

Ýaponiýanyň polisiýa işgärleri öz işine emeli aň (AI) esasly ulgamy ornaşdyrdylar, bu jenaýat bilen baglanyşykly maglumatlar üçin internetde jikme-jik gözlegleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada NHK teleýaýlymy...