“Tapmaça 2” “Şa Ýolbarsdan” öňe geçip, taryhda iň girdejili animasion taslama boldy

  • 02.09.2024 22:44
  • 3.1k+

1-nji sentýabrda “Tapmaça 2” multfilminiň dünýä prokatynda girdeji ýygymy 1,66 mlrd dollardan geçdi. Şeýle netijäni gazanmak üçin oňa iki aýdan gowrak wagt gerek boldy. Bu mukdaryň netijesinde multfilm girdejisi boýunça 1,65 mlrd dollar gazanan “Şa Ýolbars” animasion filminden öňe geçdi.

Öň, taslama taryhda iň köp girdeji gazanan multfilm bolupdy, indi bolsa ol taryhda iň köp girdeji gazanan animasion taslama adyny aldy. Şeýle-de, multfilm taryhda iň girdejili filmleriň sanawynda dokuzynjy orny eýeleýär.
“Tapmaça 2” “Tapmaça” multfilminiň sýužetini dowam etdirýär. Kartinanyň baş gahrymany Raýli Anderson atly gyzjagaz bolup, ol ýetginjeklik döwründe Şatlyk, Gynanç, Gahar, Gorky, Howsala, Çekinjeňlik ýaly dürli duýgulary başdan geçirýär.
Belläp geçsek, multfilm 20-nji awgustda onlaýn çykdy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......