Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açyldy

  • 02.09.2024 10:44
  • 9.4k+

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. Bu merkez BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bu merkeziň açylmagy türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmeklerine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenler bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Täze merkez bir wagtda 8-12-nji okuwçynyň bilim almagy üçin zerur bolan enjamlaryň ählisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol häzirki zaman tehnologiýalaryna STEAM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat we matematika) ulgamynda bilimlere elýeterlilik berýär. Merkeziň maksady - ýaş alymlara robot tehnikasy ulgamynda amaly başarnyklary hödürlemek bilen, olary höweslendirmek. 


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
4.4k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......