1-nji sentýabrdan Türkmenistanda howpsuz ýol hereketiniň biraýlygy badalga aldy

  • 01.09.2024 23:59
  • 14k+

1-30-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanda howpsuz ýol hereketiniň biraýlygy hereket eder. "Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy" ady bilen geçýän aksiýa tutuş ýurdumyzy, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerini we ähli welaýatlary öz içine alar.

Biraýlygyň maksady - raýatlaryň ýol hereketiniň kadalary barada bilimlerini artdyrmak, düzgün bozmalaryň öňüni almak we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisine hormat goýujy gatnaşyklary kemala getirmek.
Bir aýyň dowamynda ýurdumyzyň tutuş çäginde - umumy sapaklar, seminarlar, oýunlar, bäsleşikler, sergiler we mowzuklaýyn muzeýler geçiriler. Çagalar hem ýetginjekler bilen işlemäge aýratyn üns berler.
Biraýlyga ýol gözegçilik gullugynyň hem-de lukmançylyk edaralarynyň işgärleri hem gatnaşar.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....