Türkmenistan we Eýran haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin gümrük hyzmatdaşlygyny berkidýär

  • 01.09.2024 19:18
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tähran şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasyna Gümrük müdirliginiň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň gümrük edarasynyň saýtynda habar berilýär. 

Duşuşykda iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Özara maglumat alyşmagyň iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýetirýän oňyn täsiri nazara alnyp, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistiki maglumatlarynyň, harytlaryň bahasy barada maglumatlaryň alşylmagy barada meselä üns berildi.
Mundan başga-da, gümrük işgärlerini taýýarlamak we okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdeleriniň, sanly gümrügiň, elektron deklarirlemäniň, maglumatlary elektron görnüşde alyşmagyň mehanizminiň ulanylyşy, şol sanda deňiz portunda işleriň guralyşy babatda tejribe alyşmak  üçin Taraplaryň wekiliýetleriniň özara iş saparlaryny guramak meselesiniň üstünde durulyp geçildi.
Şeýle hem, saparyň çäginde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Meýilnama gol çekildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....