Haýao Miýadzaki “Aziýanyň Nobel baýragynyň” eýesi boldy

  • 01.09.2024 18:31
  • 4.3k+

Animator Haýao Miýadzaki Aziýa ýurtlarynda Nobel baýragynyň taýy hasaplanýan Ramon Magsaýsaý baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragy esaslandyryjy gazna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Ýaş auditoriýa bolan hormatyny görkezmek bilen, Miýadzaki öz sýužetlerini we hekaýalaryny ýönekeýleşdirmeýär. Ol çylşyrymly temalary saýlap, daşky gurşawyň goragy, parahatçylyga ymtylyş ýa-da jemgyýetde zenanlaryň hukuklaryny we roluny goramak bolsun, olary çagalar üçin düşnükli etjek sungaty ulanýar” – diýip, gaznanyň beýanynda aýdylýar.

Miýadzaki köp sanly animasion kartinalaryň awtorydyr. Olardan “Goňşym Totoro” (Мой сосед Тоторо, 1988), “Şa gyzy Mononoke” (Принцесса Мононоке, 1997), “Ruhlar bilen äkidilen” (Унесенные призраками, 2001), “Ýöreýän gala” (Ходячий замок, 2004), “Balyk Ponýo gaýada” (Рыбка Поньо на утесе, 2008) we onuň soňky işi “Oglan we guş” (Мальчик и птица, 2023) baýragy döredijiler tarapyndan aýratyn bellenildi.
Miýadzakiden başga-da, bu baýragyň eýeleri Wýetnamdaky uruş döwründe amerikan goşuny tarapyndan zäherli himiki serişdeleriň ulanylmagynyň netijelerini öwrenen wýetnamly lukman Nguen Thi Ngok Fyong, Butandan haýyr-sahawat guramasyny esaslandyryjy, Indoneziýadan ekoaktiwist, şeýle-de Tailanddan Oba lukmanlarynyň hereketi boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....