Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady

  • 01.09.2024 12:27
  • 5.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutany Gutlagynda "Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär" diýip belleýär.
Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylýar, Aşgabat şäherinde Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdep açylyp ulanylmaga berilýär.

"Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, siz ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda alyp barýan işleriňizi üznüksiz kämilleşdirmelisiňiz. Ylymly, bilimli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde elmydama döredijilikli gözleglerde bolup, bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakda oňyn netijeleri gazanmalysyňyz" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....