Berkshire Hathaway kompaniýasy $1 trln bazar bahaly ilkinji tehnologik däl kompaniýa boldy

  • 30.08.2024 18:53
  • 6k+

Çarşenbe güni, 28-nji awgustda, Uorren Baffetiň Berkshire Hathaway kompaniýasynyň bazar bahasy 1 trln dollardan geçdi. Bu ony şeýle bazar bahasy bolan ýedinji amerikan kompaniýasyna hem-de trillion çägine ýeten ilkinji tehnologik däl kompaniýa öwürdi diýip, CNBC ýazýar.

Çarşenbe güni Berkshire Hathaway-yň paýnamalary 1,2% ýokarlanyp, bir paý üçin 699,44 müň dollara ýetdi.
Berkshire Hathaway-yň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satyn alany bäri 60 ýyldan gowrak wagtyň içinde Baffet bu dokma kompaniýasyny ätiýaçlandyryşdan we jemagat hyzmatlaryndan başlap, demirýol ulagyna we uçarlar üçin bölekleriň önümçiligine çenli dürli pudaklary gurşap alýan ägirt uly holdinge öwürdi.
Häzir ol Geico ätiýaçlandyryş kompaniýasy, BNSF demirýol ulgamy, Berkshire Hathaway Energy, Brooks krossowka öndürijisi, Dairy Queen kafe ulgamy ýaly 60-dan gowrak golçur kärhanasy bolan konglomeratdyr.
Ikinji çärýegiň jemi boýunça holdingiň maýa goýum portfeliniň bahasy 279,97 mlrd dollar boldy. Maýa goýum portfelinde uly paýy Apple-iň paýnamalary eýeleýär we şu ýyl kompaniýa iPhone öndürijisindäki paýnamalarynyň ýarysyndan gowragyny satsa-da, olar portfeliň henizem 30%-ini emele getirýär. Şeýle-de, kompaniýa Bank of America-nyň, American Express-iň, Coca-Cola-nyň we Chevron-yň paýnamalar bukjasyna eýeçilik edýär.
Berkshire Hathaway-yň bazar bahasy 1965-nji ýyldan geçen ýyl aralygynda ýylda, takmynan, 20% ýokarlandy. Diňe şu ýyl kompaniýanyň bazar bahasy 200 mlrd dollardan gowrak artdy.
Bu Berkshire Hathaway-yň müdirler geňeşiniň başlygy we iň uly paýdarlaryň biri bolan Uorren Baffeti dünýäde iň baý adamlaryň birine öwürdi. Onuň baýlygy 145 mlrd dollar (Bloomberg) we 146,1 mlrd dollar (Forbes) diýlip hasaplanylýar.


05.05.2025 00:18
2.9k+

Uorren Baffett 60 ýyldan soň, Berkshire Hathaway-iň baş direktorlygyndan çekiler

Maýadar Uorren Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol bu barada kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda aýtdy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär...

09.04.2025 13:08
12k+

Mask Tesla-nyň paýnamalarynyň düşmegi we Trampyň salgytlary zerarly $135 mlrd dollaryny ýitirdi

Ilon Mask, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, takmynan, 135 mlrd dollaryny ýitirdi. «Seeking Alpha-nyň» maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamsynyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň arzanlamagy sebäpli, 2024-nji ýylyň...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

04.11.2024 21:58
3.2k+

Uorren Baffet eýeçiligindäki Apple-iň paýnamalaryny satmagyny dowam etdirýär

Uorren Baffetiň eýeçiligindäki Berkshire Hathaway maýa goýum kompaniýasy Apple-däki paýyny azaltmagyny dowam etdirýär diýip, 9to5mac habar berýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda kompaniýanyň portfelinde...