Uorren Baffett 60 ýyldan soň, Berkshire Hathaway-iň baş direktorlygyndan çekiler

  • 05.05.2025 00:18
  • 3.3k+

Maýadar Uorren Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol bu barada kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda aýtdy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär.

94 ýaşly Baffett kompaniýanyň ýolbaşçylygyna öz orunbasary Greg Abeli hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, ol Berkshire Hathaway-den doly gitmegi we paýnamalaryny satmagy göz öňünde tutmaýandygyny hem belläp geçdi.
Baffett dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýar. «Forbes» žurnalynyň soňky ýyllyk sanawynda onuň baýlygy 159 milliard dollar diýlip kesgitlenildi. Ol baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly üstünlikli maýa goýumlaryndan gazandy.
Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasyny 1965-nji ýylda satyn aldy. Şol döwürde bu kompaniýa Nebraskadaky, ýagny Baffettiň dogduk ştatyndaky kiçijik dokma kärhanasy eken. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol bu kärhanany maýa goýum we ätiýaçlandyryş ugurlary bilen meşgullanýan ägirt uly konglomerata öwürdi.
Häzirki günde Berkshire Hathaway-iň umumy bahasy bir trillion dollardan geçýär.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......