"Ýaponiýanyň iň tygşytly adamy": ol günde bary-ýogy $1,4 harçlap, 15 ýylda 3 öý satyn aldy

  • 30.08.2024 18:34
  • 15k+

Ýaponiýadan 37 ýaşly Saki Tamogami özüniň haýran galdyryjy pul tygşytlamak ukyby bilen “ýurduň iň tygşytly gyzy” hökmünde belli boldy. Ol günde iýmit üçin bary-ýogy $1,4 sarp edip, 15 ýylda üç öý satyn almagy we pişik kafesini açmagy başardy diýip, South China Morning Post habar berýär.

Tamogami 34 ýaşyna çenli üç öý satyn almagy maksat edinip, 19 ýaşyndan öz zähmet hakynyň ep-esli bölegini ýygnamaga başlady. Uniwersitetden soň ol gozgalmaýan emläk boýunça agent hökmünde işledi. Onuň gündelik iýmiti ýönekeý tagamlardan ybaratdy, ol iýmit üçin 35 sentden köp çykdajy etmeýärdi, egin-eşigi garyndaşlaryndan alýardy, mebeli bolsa köçeden tapýardy. Ol 27 ýaşynda ilkinji öýüni satyn alyp bildi, 2019-njy ýyla çenli bolsa üçünji öýüni satyn alyp, arzuwyna ýetdi. Bu jaýyň birinji gatynda Cafe Yuunagi ady bilen pişik kafesini açdy.


Häzir bu kafe Tamogamä öz işini ösdürmäge we haýwanlar barada alada etmäge mümkinçilik berýär. Maliýe erkinligine garamazdan, Tamogami tygşytlylyk ýörelgesine eýermegini dowam etdirýär we gozgalmaýan emläge maýa goýmagy meýilleşdirýär.


22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....