Bred Pitt we Jorj Kluni “Ýalňyz möjekler” filmindäki rollary üçin hersi 35 million dollar aldy

  • 30.08.2024 12:18
  • 5.7k+

Golliwudyň ýyldyz aktýorlary Bred Pitt we Jorj Kluni täze “Ýalňyz möjekler” komediýa filmindäki rollary üçin hersi 35 million dollar aldy. Aktýorlaryň gonorarlary baradaky maglumatlar The New York Times neşirinde çap edildi.

"Möý adam" üçlügi bilen tanalýan filmiň režissýory Jon Watts 15 million dollar alar.
“Ýalňyz möjekler”-iň sýužetiniň jikme-jiklikleri henizem gizlin saklanýar, ýöne filmiň treýlerine görä, bilelikde iş ýerine ýetirmek tabşyrylan iki sany ýalňyz "arassalaýjy" hakda gürrüň beriljekdigi mälimdir.
Filmde Ostin Abrams, Emi Raýan, Purna Jagannatan, Zlatko Buriç we başgalar hem çykyş etdiler. Film 20-nji sentýabrdan teatrlarda we 27-nji sentýabrdan Apple TV + platformasynda görkeziler.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....