Nike Kobi Braýantyň hormatyna krossowka çykarýar

  • 30.08.2024 11:27
  • 3.4k+

Nike amerikan kompaniýasy meşhur basketbolçy Kobi Braýanta bagyşlanan täze Kobe 8 Protro Lakers Home krossowkalaryny hödürledi. Krossowkalar 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda 180 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar diýip, "Çempionat" portaly habar berýär.

Täze model Kobe 8-iň asyl görnüşinden "Los Angeles Lakers" reňkleri bilen tapawutlanýar.
Nike “Lakers Home” krossowkalarynyň Kobiniň basketbol meýdançasyndaky däbine goýulýan hormaty aňladýandygyny belledi.
Krossowkalar Nike dükanlarynda we kompaniýanyň hyzmatdaşlarynda elýeterli bolar.


05.06.2026 07:28
8.1k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

02.12.2025 17:44
7.1k+

Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär...

23.10.2025 13:00
3.8k+

Çagalar hassahanasynyň hassalary Nike-a täze kolleksiýany döretmäge kömek etdiler

Nike bilen Doernbecher çagalar hassahanasy Oregon saglyk we ylym uniwersitetiniň (OHSU) goldaw bermeginde alty sany ýaş hassa tarapyndan döredilen Nike Doernbecher Freestyle 21 haýyr-sahawat kolleksiýasyny hödürledi...

30.05.2025 12:19
5.5k+

Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy...