Burj Halifadanam gymmat: NASA SLS raketasy üçin taryhda iň gymmat diňi gurar

  • 30.08.2024 11:22
  • 6.3k+

NASA-nyň täze hasabatyna görä, SLS raketasy üçin bahasy 2,7 milliard dollardan geçýän uçuş diňi gurlar. Bu dünýädäki iň beýik binanyň - Dubaýdaky Burj Halifa diňiniň gurluşygyna sarp edilen puldan hem iki esse köp diýip, Naked Science habar berýär.

Amerikan futbolynyň meýdançasyndan birneme beýik bolan bu diň SLS raketasynyň kämilleşdirilen görnüşini - Blok 1B-i goldamak üçin niýetlenendir.
Gurluşyk ilkibaşda 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanmalydy, ýöne täze hasabat çaklamanyň könelendigini görkezýär. ABŞ-nyň kongresi tarapyndan buýrulan diňiň gurluşygy potratçy Bechtel inženerçilik şereketi bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklar sebäpli yza süýşürildi.
NASA SLS-iň bu kämilleşdirilen görnüşini 2028-nji ýylda amala aşyryljak Artemis IV missiýasyndan başlap işe girizmegi meýilleşdirýär we ol pilotirlenýän Orion gämisini hem-de Gateway Aý stansiýasynyň elementini Aýyň orbitasyna çykarar. Şeýle-de bolsa, bu uçuş diňiň gurluşygynyň gijä galmagy sebäpli gijikdirilip bilner.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....