Täze Kia K5 2025 Toyota Camry-den has giň bolar

  • 30.08.2024 10:10
  • 6.1k+

Kia kompaniýasy 2-nji sentýabrda Hytaý bazaryna çykjak täzelenen K5 2025 biznes-sedanyny hödürlemäge taýynlanýar. Awtoulag daşky görnüşinde käbir üýtgeşmeleri alar: aňsatlyk bilen tanalýan faralar we çyralar, täzelenen bamper we täze 19 dýuýmlyk diskler. Bu barada, IXBT habar berýär.

Esasy täzelenmeleri awtoulagyň salony aldy. Kia K5 2025 iki sany 12.3 dýuýmlyk ekran, täze howpsuzlyk ulgamlary, gyzdyrylýan oturgyçlar, JBL akustika we simsiz zarýad beriji bilen enjamlaşdyrylandyr.
Esasy bäsdeşi – dokuzynjy nesil Toyota Camry-den tapawutlylykda täze K5 has giň interýer alar: ulagyň ölçegleri 4980 x 1860 x 1445 mm, teker bazasy 2990 mm. Camry-niň uzynlygy bolsa 4905 mm, teker bazasy 2825 mm. Şeýle-de bolsa, K5-iň kuwwatlylygy üýtgewsiz galar: 170 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik esasy hereketlendiriji we 240 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik iň ýokary hereketlendiriji.
Täze önümiň bahasy tanyşdyrylyşdan soň belli bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......