Aşgabatda modaly lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

  • 29.08.2024 17:47
  • 8.8k+

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisini gurady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde geçirilýär diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Türkmen-eýran modaly lybaslar sergisine Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-niň wekilleri, suratkeşler, dizaýnerler, çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem paýtagtymyzyň moda senagatynyň täze ugurlary bilen gyzyklanýan ýaşaýjylary geldiler.
Sergidäki dokma we deri önümlerini synlamaga gelenler üçin dutarçylar ansambly we kirişli saz gurallary kwarteti halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Eýranly myhmanlar aşgabatlylary zenan lybaslaryny, ýüpek ýaglyklaryny, deri ýantorbalaryny, aýakgaplaryny we bižuteriýasyny öndürmäge ýöriteleşen «Feramsa Design», «Noran», «Shoonz» we beýleki iň gowy önümler bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň dizaýnerleri sergide naýbaşy modaly lybaslary görkezdiler. Hanmahmaldan, ýüpekden, keteniden, nepis keşdeli we aýna monjuklar bilen bezelen ajap lybaslar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Mundan başga-da, tikinçilik kärhanalarynyň birnäçesi trikotaž futbolkalardan başlap, jinsi eşiklerine çenli modaly çagalar eşikleriniň giň görnüşini hödürlediler.
Türkmen-eýran meşhur haryt nyşanly önümleriniň sergisi Modalar öýünde görkezilýär.


19.03.2025 15:02
13k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
10k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

21.10.2024 16:49
3.1k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

26.05.2024 20:34
7.6k+

Italiýa Yzzat Gylyjowyň gözi bilen: suratkeşiň Italiýa bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi. Bu barada...