Stenford uniwersitetiniň inženerleri öýleri ýangyndan goramak üçin täze gel ýasadylar

  • 29.08.2024 11:41
  • 7.7k+

Stenford uniwersitetiniň inženerleri agaç desgalaryny we binalary ýangyndan gorap biljek täze gel işläp düzdüler.

Bu material üstki gatlaga çalynýar we guranyndan soň, ýylylygy netijeli ýaýradýan we agajy goraýan çydamly gözenek köpügini emele getirýär diýip, Hi-Tech.Mail.ru habar berýär.
Bu geliň esasy düzüm bölegi, ony guranyndan soň, aerogele öwürýän we ýylylykdan goraýjy aýratynlyklaryny ýokarlandyrýan kremnezemdir.
Synag wagtynda gel 7 minutlap göni ýangyna garşy çydamak ukybyny görkezdi, bu bolsa bar bolan şuňa meňzeş jisimlerden 4 esse uzak çydamlylykdyr. Mundan başga-da, gel beýleki ýangyn söndüriji gellerden tapawutlylykda, guranyndan soň hem gorag aýratynlyklaryny saklaýar.
Täze gel ekologiýa taýdan arassa diýip hasaplanýar. Bu material binalary ýangyndan goramak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak we ýangyn howpuny azaltmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....