Toyota güýçli tupan sebäpli Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtadar

  • 29.08.2024 03:09
  • 17k+

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor 28-nji awgust agşamdan güýçli tupan “Şanşanyň” ýakynlaşmagy sebäpli Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtadar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.

Umuman, 14 gurnama zawody işlemegini bes eder. Çözgüt işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, şeýle-de ýollar ýapylan ýagdaýynda düzüm bölekleriniň iberilmeginiň gijikdirilmegi sebäpli kabul edildi.
Ýaponiýada bu tupan sebäpli 230-dan gowrak awiagatnawlar hem ýatyryldy. Şeýle-de, tropiki tupan ýurduň kenaryna ýetende “sinkansen” ýokary tizlikli otlularynyň hereketini togtatmak we tizlikli ýollaryň birnäçesini ýapmak meýilleşdirilýär. 1-nji sentýabra meýilleşdirilen tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça ýyllyk umumymilli okuw hem ýatyryldy.
Häzir “Şanşan” Kýusýu adasyndan günortada bolup, demirgazyk-gündogar tarapa hereket edýär. Tropiki tupanyň geçýän sebitinde ýeliň tizligi 45-60 m/s ýetýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......