Türkmenistanyň wekilleri dokma senagaty pudagynda Günorta Koreýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öwrenýär

  • 29.08.2024 01:42
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýada saparda boldular. Saparyň dowamynda olar Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördüler diýip, Orient agentligi habar berýär.

KISCO korporasiýasynyň wekilleri (Kyung-In Synthetic Corporation) myhmanlary dokma senagatynda ulanylýan boýaglaryny we himiki serişdelerini, elektron harytlary we iýmit önümlerini öndürýän kompaniýanyň işleýşi bilen tanyşdyryp, fabrikanyň öňdebaryjy kuwwatlylygyny we innowasion tehnologiýalaryny görkezdiler.
Bu sapar senagat ulanylyşda we tehnologiýalaryň söwdalaşdyrylmagynda hemaýat edýän Koreýanyň senagat tehnologiýalar instituty (KITECH) hem-de Koreýanyň import we eksport assosiasiýasy tarapyndan gurnaldy.
Türkmenistanly bilermenler KISCO fabrikasynda boýaglaryň öndüriliş yzygiderliligi bilen tanşyp, koreýaly hünärmenler bilen boýag bazarynyň häzirki ýagdaýyny we munuň ýaly öndürilişiň tehniki gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, hyzmatdaşlyk we tehniki alyş-çalyş mümkinçiliklerini teklip etdiler.
Myhmanlara kärhanada ulanyjylaryň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan we “eko-dostlukly” derejesi bolan öndürilýän önümleriň albom ýygyndysy görkezildi. Ekskursiýanyň dowamynda myhmanlar kärhananyň öndürijilik kuwwatlylygy we hil gözegçilik ulgamy bilen tanyş boldular.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......