Astrahan "Hazar möwsümleri" festiwalynda türkmen medeniýetiniň jümmüşine aralaşdy

  • 28.08.2024 10:00
  • 1.9k+

24-nji awgustda Astrahanda "Hazar möwsümleri" nusgawy sungat festiwalynyñ çäklerinde Türkmenistanyñ güni bellenildi.

Orient agentliginiň habar bermegine görä, Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda ýurdumyzyň saz sungatyny Türkmenistanyň halk artisti wokal aýdymçysy Atajan Berdiýew, pianinoçy, milli we halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Aşyr Aşyrow hem-de "Aşgabadyň kameratasy" kameraçy topary tanyşdyrdylar. Konsertiň maksatnamasyna dünýä we milli nusgawy saz eserleri, meşhur aýdym repertuary girdi.


Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) işgärleri, şäher dolandyryşyň ýolbaşçylary, türkmen diasporasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, festiwalyň myhmanlary we köpsanly astrahanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

Mundan başga-da, Astrahan filarmoniýasynyň girelge zalynda türkmen diplomatik edarasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp sergi gurnaldy.


şu gün 00:03
451

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......