NASA Boeing Starliner-iň kosmosda galan ekipažyny Ýere howpsuz gaýtaryp getirmegi SpaceX-e ynandy

  • 27.08.2024 14:13
  • 7.5k+

NASA astronawtlar Butç Uilmory we Sunita Uillýamsy Boeing-iň Starliner-i bilen däl-de, SpaceX-iň Crew Dragon kosmiki gämisi bilen Ýere gaýtaryp getirmek  kararyna geldi diýip, Reuters habar berýär.

Bu karar Starliner-iň hereketlendirijileri bilen bagly ýüze çykan kynçylyklardan gelip çykýar, olaryň bäşisi 6-njy iýunda Halkara kosmos stansiýasyna uçuş wagtynda hatardan çykdy. Apparat stansiýa bilen birleşenden sekiz gün geçensoň ekipažyny alyp Ýere gaýdyp gelmelidi, ýöne näsazlyk sebäpli Starliner-de yza dolanmak ekipaž üçin howply hasaplandy diýip, NASA-nyň administratory Bill Nelson belledi.
Meseläni anyklamaga we düzetmäge synanyşylandygyna garamazdan, NASA-nyň Ýerdäki synaglary garaşylmadyk bir meseläniň üstünden bardy - hereketlendirijileriniň akym kanallarynda teflonyň çişmegi okislendirijiniň petiklenmegine sebäp boldy. Hereketlendirijileri öndüriji Aerojet Rocketdyne kompaniýasy NASA-ny meýilnamalaryny üýtgetmäge mejbur eden munuň ýaly meselä ozal duş gelmändir.
Astronawtlaryň 2025-nji ýylyň fewral aýynda Boeing-iň kosmos uçuşlary pudagynda gös-göni bäsdeşi SpaceX-iň eýeçiligindäki Crew Dragon kosmos gämisinde gaýdyp gelmegine garaşylýar. Crew Dragon astronawtlaryň rotasiýasy missiýasynyň çäginde sentýabr aýynda HKS-a uçar. Crew Dragon-daky dört ornuň ikisi Uilmor we Uillýams üçin boş bolar.
Starliner gämisini Ýere ekipažsyz gaýtaryp getirmek meýilleşdirilýär.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....