Garagalpaklaryň ak öýi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 26.08.2024 23:34
  • 21k+

Özbegistanyň Nöküs şäherindäki “Ok Kuş” (“Ak guş”) toplumynda ýerleşýän garagalpaklaryň ak öýi Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. Ol dünýäde şuňa meňzeş sökülmeýän iň uly gurluş hökmünde ykrar edildi diýip, Gazeta.Uz habar berýär.

Ak öýüň diametri 40,5 metr, beýikligi 22 metre ýetýär.
Goýlan rekordyň şahadatnamasy Garagalpagystanyň Žokargy Kenesiniň başlygy Amanbaý Orynbaýewe gowşuryldy.
Ak öý Orol Agro kompaniýasy tarapyndan guruldy. Oňa ýüzlerçe adam sygýar. Ondan öň, 20-nji awgustda bu ýerde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telekeçiler bilen her ýylky dialogy geçirildi. Geljekde bu ýerde dürli medeni çäreleri we forumlary geçirmek meýilleşdirilýär.
50 gektar meýdanda ýerleşýän “Ok Kuş” toplumynda ak öýleriň sergisiniň gurnalandygy bellendi. Garagalpaklaryň ak öýünden başga-da, bu ýerde türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň we beýleki türki halklaryň ak öýleri hem görkezildi.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......