Türkmen bilermeni Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa maslahatynda çykyş etdi

  • 26.08.2024 23:15
  • 2.4k+

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlag merkeziniň direktory Şiri Şiriýew Şri-Lankanyň Daşary işler ministrliginiň geçiren ilkinji Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlaryndan syýasatçylar, diplomatlar, işewür jemgyýetleriniň ýolbaşçylary we bilermenler çagyryldy diýip, Orient habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu çäre Şri-Lankanyň sebit bilen dörediljek geljekki hyzmatdaşlygy baradaky pikirleriň alşylmagyna gönükdirildi.
Iki bölümçeden ybarat bu maslahat täze ulag we logistika geçelgeleriniň döredilmegine üns çekip, Ýewraziýada we onuň daşynda Merkezi Aziýanyň strategiki ornunyň öwrenilmegine bagyşlanyldy. Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa sebiti bilen ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň tematikasy bilelikdäki gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlyk müminçiliklerine gönükdirildi.
Maslahat ýaňy-ýakynda Gazagystanda Şri-Lankanyň hemişelik diplomatik weilhanasyny döretmek baradaky kararyndan, hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkmenistan bilen geçirilen daşary işler ministrlikleriniň geňeşmelerinden soňra gurnaldy.
Wideoaragatnaşyk arkaly kärdeşleriniň öňünde çykyş edip, türkmen hünärmeni häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň – tebigy serişdelere, berk adam kuwwatyna hem-de ägirt uly ulag üstaşyr mümkinçiliklerine baý, hem-de dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleriniň utgaşýan sebitdigini belläp geçdi.

Şiriýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň isleg bildirýän Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlyk diaologynyň ugurlarynyň döredilmegini teklip etdi. Şeýle-de ol yklymyň beýleki sebitlerine, şol sanda Günorta Aziýa çykmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk ugrunyň möhüm pudagy bolan ulag pudagyna ünsi çekdi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......