Anjelina Joli Tom Ford Beauty-nyň ýüzi boldy we dodak boýaglarynyň täze hataryny hödürledi

  • 26.08.2024 17:46
  • 13k+

Anjelina Joli Tom Ford Beauty-nyň täze ýüzi boldy diýip, brendiň metbugat relizine salgylanyp, WWD habar berýär.

Ilkinji önüm Tom Ford Runway Lip Color dodak boýagy bolup, onuň kampaniýasyna 49 ýaşly aktrisa gatnaşdy. Bu önüm sentýabr aýynda satuwa çykarylar.
Tom Ford-yň baş müdiri Giýom Jeseliň aýtmagyna görä, Joliniň saýlanmagy onuň dünýä derejesinde tanalmagy we dürli nesiller üçin özüne çekijiligi bilen baglanyşykly.
Meşhur fotoduet Mert Alas bilen Markus Piggot tarapyndan düşürilen mahabat kampaniýasynda Joli "ajaýyp" diýip atlandyran Scarlet Rouge reňk öwüşginini görkezýär.
Täze Tom Ford Runway Lip Color hatary 18 sany reňk öwüşginini öz içine alar, şolardan 10-usy firma, 8-isi täze reňk. Şeýle-de, dodak üçin Runway Lip Pencils galamlary täzelener.
Sentýabr aýynda mahabat kampaniýasynyň täze suratlary, oktýabr aýynda bolsa Joliniň gatnaşmagynda doly derejeli mahabat wideosy çykar.
Bu Anjelina Joliniň kosmetika brendiniň ýüzi hökmünde ilkinji tejribesi däl. Ol 2006-2008-nji ýyllarda Shiseido-ny, 2017-nji ýylda Guerlain-i hödürledi, 2011-nji ýylda bolsa Louis Vuitton bilen 10 mln dollarlyk şertnama baglaşdy.

05.06.2026 13:07
3.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....