Singapurda gymmat bahaly metallary saklamak üçin uly ammar jaýy açyldy

  • 26.08.2024 17:27
  • 7.9k+

Singapurda gymmat bahaly metallar üçin 500 tonna altyn we 10 000 tonna kümüş saklamaga niýetlenen täze uly ammar jaýy açyldy. The Reserve atly bu ýer meýdany 16 700 inedördül metr bolan alty gatly binany eýeleýär.

Silver Bullion Pte Ltd. kompaniýasy müşderiler tarapyndan islegiň örän ýokarydygyny, şol sebäpli giňelmegi meýilleşdirýändigini habar berýär. Altyna bolan islegiň ýokarlanmagy geosyýasy töwekgelçilikleriň artmagy we maýadarlaryň dollar, ýewro ýaly esasy global walýutalaryň durnuklylygy babatynda howatyrlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýakynda altynyň bahasy bir unsiýa üçin 2500 dollardan geçip, rekord derejä ýetdi. Kümşüň bahasy hem 20%-den gowrak ýokarlanyp, uly ösüşi görkezdi.


17.04.2026 00:04
6.8k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

14.04.2026 16:25
4.2k+

Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna......

21.01.2026 10:07
2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

02.12.2025 17:44
7.1k+

Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär...