Täze Lexus RX 2025 çykdy

  • 23.08.2024 16:01
  • 26k+

Lexus brendi ABŞ-da 2025 RX krossowerini hödürledi. Ýerli bazarda iň geçginli  model täze Black Line Special Edition daşky dizaýnyny, täze F Sport Design komplektasiýasyny we beýleki wersiýalary üçin kämilleşdirilen enjamlary aldy.

Black Line görnüşi, adyndan belli bolşy ýaly, gara öwüşginleri we 21 dýuýmlyk täze gara tigirleri bilen tapawutlanýar. Içi - çal kontrastly tikinli gara salonly. Black Line Special Edition-iň bary-ýogy 500 nusgasy öndüriler.
Mundan başga-da, Lexus RX 2025-iň diňe RX 350 we RX 350h üçin elýeterli we Premium komplektasiýasyna esaslanýan F Sport Design komplektasiýasy peýda boldy. F Sport Design bilen Premium-yň arasyndaky tapawut 21 dýuýmlyk gara tekerleriniň we gara agaçdan bezeg bölekleriniň bolmagyndan ybarat.

Krossower birnäçe elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýlelik bilen, RX 350-niň kapotynyň aşagynda 279 at güýji bolan 2,4 litrlik turbo görnüşli hereketlendirijisi bar. Lexus RX 350h-iň 249 at güýjüni öndürýän gibrid ulgamy bar, RX 500h F Sport Performance Gibrid bolsa 371 at güýjüni öndürýär. Şeýle hem, geçirilýän gibrid güýç gurluşly RX 450h + hem bar: 308 at güýji, 2,5 litrlik hereketlendiriji we kuwwatlylygy 8.1 kWt bolan çekiji batareýa.
ABŞ-da  Lexus RX 2025 -iň satuwy şu ýylyň ahyrynda başlar, bahalar entek yglan edilmedi.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....