Disney “Ýyldyz söweşleri” boýunça serialdan ýüz öwürdi

  • 22.08.2024 20:14
  • 6.6k+

Disney kompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” boýunça “Akolit” serialynyň ikinji möwsüminden ýüz öwürmek kararyna geldi. Bu barada Deadline habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, serial tankytçylardan gowy seslenmeleri aldy, ýöne franşizanyň muşdaklarynyň arasynda dürli garaýyşlary döretdi, bu hem onuň umumy tomaşaçy auditoriýasyna täsir etdi.
“Akolitiň” premýerasy 4-nji iýunda boldy. Çykan ilkinji iki bölüm birinji gün 4,8 mln tomaşa ýygnady, bu hem Disney+-da şu ýylyň iň uly premýerasy boldy. Şeýle-de bolsa, ol reýtingi saklap bilmedi: onuň soňky bölümi iň pes tomaşa görkezijisini aldy.
Serialyň wakasy kinofranşizanyň “Gizlin howp” atly birinji bölümindäki wakalardan 100 ýyl öň bolup geçýär. Sýužetiň merkezinde – birnäçe jenaýatlary derňemäge başlap, howply söweşiji (“Aç oýunlardan” Amandla Stenberg) bilen gapma-garşylyga çykýan hormatly master-jedaý (“Kalmar oýnunyň” ýyldyzy Li Jonje) durýar.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....