Kamala Harris Demokratik partiýadan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy

  • 21.08.2024 15:28
  • 17k+

20-nji awgustda Demokratik partiýanyň wekilleri ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisi prezidentlige dalaşgär hökmünde tassykladylar. Ses berişlik partiýanyň Çikagoda geçirilen milli gurultaýynda boldy diýip, CNN habar berýär.

Harris gurultaýda Wiskonsin şäherinden wideo aragatnaşygy arkaly çykyş etdi.

Harris: “Siziň dalaşgäriňiz bolmak biziň üçin uly hormat. Bu kampaniýa halkyň güýjüne esaslanýar we biz bu ýoly bilelikde dowam ederis”.

Kamala Harris we onuň wise-prezidentlige saýlan dalaşgäri, Minnesota ştatynyň häkimi Tim Uolz, onlaýn ses berişlikde iň köp ses gazanyp, awgust aýynyň başynda Demokratik partiýanyň resmi dalaşgärleri boldular.
Ozal 21-nji iýulda, ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýden täze möhlete dalaş etmekden ýüz öwrüp, Kamala Harrisi partiýanyň dalaşgäri hökmünde goldady.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......