Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 21.08.2024 11:45
  • 5.2k+

20-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dugrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler formatyna oňyn baha berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we özara maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......