Lebap welaýatynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy: sanlar we maglumatlar

  • 21.08.2024 11:13
  • 5.7k+

Lebap welaýaty kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini üstünlikli durmuşa geçirýär.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri welaýat boýunça täze okuw ýylyna taýýarlygyň barşy bilen bagly maglumatlary getirýär:

  • welaýat boýunça jemi 396 sany umumybilim berýän orta mekdepler hereket edýär, olaryň 4-si mekdep internatlary;
  • Çagalar-ýetginjekler döredijilik öýleriniň 18 sanysy hereket edýär;
  • 2024/2025 okuw ýylynda mugallymlaryň 21 müň 40-a golaýy bilim-terbiýe berer;
  • welaýatda mekdebe çenli bilim edaralarynyň 384 sanysy bar, bu ýerlerde terbiýeçileriň we beýleki hünärmenleriň 4 müň 890-dan gowragy körpelere bilim-terbiýe berýär
  • täze okuw ýylynda ýaş hünärmenleriň 1040-a golaýy işe ýerleşdirildi;
  • welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 38 sanysy hereket edýär.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze 2024 – 2025-nji okuw ýylyna taýýar edilipdir. Möwsümde umumybilim berýän orta mekdeplere döwlet býujetiniň hasabyna 300 tonna sement alnyp berildi. Netijede mekdep binalarynda abatlaýyş-bejeriş işleri bellenilen möhletde ýerine ýetirildi.
Şeýle hem mekdepleriň 1-nji synplaryna kabul ediljek çagalar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady – «Noutbuk» kompýuterleriniň 30 müň 90 sanysy alnyp, olar degişli etrap bilim bölümlerine paýlanylyp berlipdir we şu ýyl mekdep bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek okuwçylara gowşurmaklyga taýýar edilipdir.

Welaýatda täze okuw ýylyna badalga beriljek Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň «Alpan» obasynda 400 orunlyk, Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň «Olam» obasynda hem 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berler.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......