Gökdirän binalaryň dünýäsi: iň köp gökdirän binaly ýurtlaryň sanawy düzüldi

  • 21.08.2024 10:04
  • 13k+

Adamzat müňlerçe ýyllaryň dowamynda beýik desgalary gurup gelýär (mysal üçin, Müsür piramidalary), ýöne adamlaryň işlemegi we ýaşamagy üçin döredilen ilkinji binalar diňe XIX asyryň ahyrynda Çikagoda, Nýu-Ýorkda we Bostonda peýda boldy. Häzirki wagtda polat karkasly beýik binalar dünýäniň iň gür ilatly şäherlerinde geň zat däl.

Beýik binalar we şäher ýaşaýyş gurşawy geňeşi beýikligi 150 metrden ýokary binalary köp bolan ýurtlaryň infografikasyny çap etdi.
Häzirki wagtda 3414 gökdirän binasy bolan Hytaý beýikligi 150 metrden geçýän binalarynyň sany boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň iň beýik binasy - Şanhaý diňi (beýikligi - 632 m) has beýik binalaryň dünýä reýtinginde diňe üçünji orny eýeleýär.
Gökdirän binalaryň sany boýunça ikinji ýeri 899 binasy bilen ABŞ eýeleýär.
Ilkinji üçlügi 336 gökdirän bina gurlan BAE-i tamamlaýar. Şolardan biri, Dubaýdaky aşa beýik gökdirän bina Burj-Halifadyr, ol ep-esli aratapawut bilen iň beýik desga adyny saklaýar. Binanyň beýikligi 828 metre ýetýär.


06.03.2026 20:39
5.3k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...

23.02.2026 20:02
13k+

Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy

Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar...

09.02.2026 16:11
7.1k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär...

07.02.2026 08:38
4.1k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...