Dünýädäki iň gymmat - 2,5 million dollarlyk göçme kaşaň öý görkezildi

  • 21.08.2024 00:59
  • 13k+

Prevost kompaniýasy dünýädäki iň gymmat, tekerli göçme öý bolup durýan täze Loki Coach awtoöýüni hödürledi. Onuň bahasy 2,5 million dollar.

Içinde üç sany uly telewizor, iki sany hammam, aşhana we elektrik ulagy üçin zarýad bekedi bar. Salonynda on sany planşet oturdylan, olaryň kömegi bilen enjamlar dolandyrylýar. Buýruk boýunça 65 dýuýmlyk telewizor petikden aşak düşýär, başga bir düwme esasy ýatylýan otagda 50 dýuýmlyk telewizory ýokary galdyrýar we daşarda dynç alnanda bolsa 55 dýuým ekranly daşarky bölek öňe süýşüp çykýar.
Ýaşalýan zolakda goşmaça giňişlik döretmek üçin iki sany çekilip çykarylýan guty bar, aşhanada bolsa ýygnalýan elektrik stoly we gap-gaç ýuwujy maşyn bar. Aşhana guratgyçly kir ýuwujy maşyn bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy ýatylýan otagda king-size ýatalgasy we özbaşyna hammam otagy bar.
Ulag-öýüň üçegi Gün panelleri bilen örtülendir we litiý batareýalary birnäçe günüň dowamynda ençeme kondisioneri işledip biler. Goşmaça energiýa zerur bolanda dizel hereketlendirijisi batareýa zarýad berýär we elektrik ulaglaryna zarýad bermekde ulanylyp bilner.

05.06.2026 13:07
3.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....