Jeýk Pol öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen söweş üçin $40 mln gazanyp biler

  • 20.08.2024 23:56
  • 20k+

Amerikaly bloger Jeýk Pol öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen boks söweşi üçin, takmynan, $40 mln gazanjakdygyny aýtdy. Bu barada Britaniýanyň Express gazeti ýazýar.

Ilkibaşda 20-nji iýula meýilleşdirilen söweş Taýsonyň saglyk ýagdaýy sebäpli 15-nji noýabra süýşürildi.

“Men bu ýere $40 mln gazanmak we rowaýata öwrülen şahsyýeti nokaut ýagdaýyna düşürmek üçin geldim, başga zat meni gyzyklandyrmaýar” diýip, bloger aýtdy.

Taýson 58 ýaşynda, onuň hasabynda 50 ýeňiş bolup, şolaryň 44-üsinde nokaut arkaly ýeňiş gazandy. Amerikaly superagyr agramda absolýut dünýä çempiony, WBC, WBA we IBF guşaklarynyň eýesi boldy.
Pol 27 ýaşly bloger we aktýor bolup, professional ringde ilkinji gezek 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda çykyş etdi. Onuň hasabynda 9 ýeňiş (6-sy nokaut bilen) we 1 ýeňliş bar.


15.06.2026 15:36
3.3k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....